Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda!
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) adresat – gönüden-göni adyna elektron resminama ugradylan fiziki ýa-da ýuridik şahs (ýa-da resminamany alyjy); 2) köpugurly «Bir penjire» ulgamy – sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenmegi; 3) elektron habar – maglumat-telekommunikasiýa torundan peýdalanyjy tarapyndan geçirilen ýa-da alnan maglumat;