Gulluk hakynda!

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) adresat – gönüden-göni adyna elektron resminama ugradylan fiziki ýa-da ýuridik şahs (ýa-da resminamany alyjy); 2) köpugurly «Bir penjire» ulgamy – sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenmegi; 3) elektron habar – maglumat-telekommunikasiýa torundan peýdalanyjy tarapyndan geçirilen ýa-da alnan maglumat; 4) elektron maglumat – maglumat tehnologiýalarynda döredilen we sanly görnüşde berlen maglumat; 5) elektron maglumat göteriji (mundan beýläk – elektron göteriji) – maglumat tehnologiýalarynyň kömegi bilen maglumaty ýazdyrmak we saklamak üçin niýetlenen maddy göteriji; 6) elektron maglumat ulgamy – elektron maglumatlary döretmek, işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek üçin ulanylýan enjamlaryň, programma, programma-enjamlaýyn serişdeleriň, usullaryň we iş amallarynyň jemi;